Aliýew Ermenistan tarapyndan basylyp alynan Daglyk Garabag bilen bagly beýanat berdi
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Daglyk Garabag meselesiniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmeginiň tarapdarydyklaryny, emma gerek bolan halatynda Ermenistanyň harby öjükdirmelerine agyr ýagdaýda garşylyk görkezjekdiklerini belledi
Ilham Aliýew Nýu-Ýorkda BMG-nyň Sessiýasynda eden çykyşynda iki ýurdyň arasynda başdan geçirilýän Daglyk Garabag meselesiniň üstünde durup geçip, Azerbaýjanyň taryhy toparklarynyň Ermenistanyň gol astyndadygyny, şol sebäpli bolsa 1 milliondan gowrak azerbaýjanlynyň bosgun ýagdaýa düşendigini habar berdi.
Daglyk Garabagda we basylyp alynan beýleki ýerlerde azerbaýjanlylara garşy etniki saplaýyşyň geçirilendigine ünsleri çeken Aliýew: “Ermenistan 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Hojaly obasynda 613 azerbaýjanlyny öldürdi. Olaryň 106-sy zenandy, 63-i bolsa çagady. Şol gyrgynçylygy eden adamlaryň biri hem Ermenistanyň häzirki Prezidentidir” diýdi.
Halkara guramalaryň we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň basyp alyjylygyň bes edilmegi bilen baglanşykly kararlarynyň bardygyny aýdan Ilham Aliýew: “Ermenistan şol kararlary äsgermeýär. Käwagt BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlary birnäçe günde ýerine ýetirilýär. Biziň meselämiz bilen bagly kararlar bolsa eýýäm 24 ýyl bäri ýerine ýetirilenok. Bu iki ýüzlülikdir we kabul edilip bilinjek bir ýagdaý däldir. Ermenistana garşy halkara derejede embargo goýulmalydyr” diýdi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ermenistanyň goşunynyň 2016-njy ýylda asuda ilatdan 6 adamy öldürendigini ýatlatdy.