Milli ýygyndymyzyň hasabynda häzirlikçe 62 medal bar

Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 – altyn, 21 – kümüş we 12 – bürünç

Milli ýygyndymyzyň hasabynda häzirlikçe 62 medal bar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny berkitmäge ýeterlik boldy. Häzire çenli ýaryşlaryň geçirilen günleriniň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda dürli gymmatlyga bolan medallaryň 62-si ýygnandy. Şolaryň 29-sy altyn, 21-si kümüş we 12-si bürünç medallardyr.

Türkmen milli göreşi boýunça tutluşyklar garaşylyşy ýaly, şu gün türgenlerimiz üçin ýeňişlere baý boldy. Şonda nusgawy görnüşde baýraklaryň ykbaly kesgitlendi, türgenler agram derejeleriniň ählisinde güýç synanyşdylar. Erkin görnüşde baýraklar ugrunda bäsleşilen 16-njy sentýabrda bolşy ýaly, özlerine ýakyn bolan sportuň görnüşinde ýene-de ýokary ussatlygyny görkezip, türkmen pälwanlary oňat netijeleri gazandylar.

Ýurdumyzyň wekilleriniň 19-sy finala çykdylar, final duşuşyklarynyň altysynda diňe türkmenistanlylar çykyş etdiler, bu bolsa eýýäm biziň toparymyza altyn we kümüş medallary kepillendirdi.

Milli türkmen göreşiniň nusgawy görnüşinde erkekleriň arasynda Rejepaly Orazalyýew 100 kilogramdan gowrak agram derejesinde, Seýdi Batyrow 100 kilograma çenli, Allanur Goçow (57 kg), Ismaýyl Orazow (62 kg) Döwletgeldi Berdiýew (68 kg) Rejepgeldi Gylyçnyýazow (75 kg), Hanmuhamet Patdyýew (82 kg), Murgapgeldi Atdaýew (90 kg) altyn medallary eýelediler.

Zenanlaryň arasynda altyn medallara Jahan Muhamedow (70 kg ýokary), Laçyn Badaglyýewa (52 kg), Zuhra Madraimowa (58 kg), Gülnar Haýytbaýewa (63 kg), Nasiba Surkiýewa (70 kg) mynasyp boldular.

Göreşiň şu görnüşinde ýygyndymyzyň gazananlarynyň hatarynda Jepbap Atamammedow (100 kg ýokary), Kerim Rejepow (100 kg), Satlyk Myradow (57 kg), Isgender Aşyrow (62 kg), Arslan Hojamberdiýew (68 kg), Bäşim Orazow (75 kg) kümüş medallary goşdular.

Milli türkmen göreşinde biziň toparymyzda bürünç medallara zenanlaryň arasynda Maksuda Ýegemberdiýewa (70 kg. gowrak agram derejesinde), Zarina Abdyrahmanowa (58 kg), Rano Uzakowa (70 kg) eýe boldular.

Aziadada göreş boýunça baýraklaryň ählisiniň eýeleri kesgitlenen bolsa, jiu-jitsu boýunça ýaryşlar ertir tamamlanar. Ýöne şu günki gün hem “Ne-waza” görnüşinde geçen tutluşyklara baý boldy. Şonda esasan bürünç baýraklaryň eýeleri kesgitlendi. Üçünji orna Mergen Joraýew (85 kg) we Janibek Atajanow (94 kg) mynasyp boldular.

Taý boks boýunça ýaryşlar dowam etdi. Birinji aýlawyň bäsleşikleri geçirilip, olaryň ýeňijileri ýaryşlaryny dowam ederler. Sportuň bu görnüşinde türkmenistanlylar Nurgeldi Ataýew 63,5 kilograma çenli agram derejesinde we Muhammetnur Meläýew (75 kg) degişlilikde Makaodan bolan Çan Çi Lamadan hem-de özbegistanly Alijon Isroilowadan üstün çykyp, çärýek finala geldiler.

Taekwondo boýunça ýaryşlarda hem ilkinji medallar ugrunda bäsleşidi. Erkekleriň arasynda 74 we 54 kilgram agram derejelerinde altyn medallaryň ikisini hem Eýranyň wekilleri aldylar, zenanlaryň arasynda bolsa 46 kilogram agram derejesinde HHR-dan bolan türgen eýe boldy.

Ştanga götermegiň ussatlary hem şu gün göreşe goşuldylar. Şunda zenanlaryň arasynda ýurdumyza 48 kilograma çenli agram derejesinde wekilçilik edýän Ýulduz Jumabaýewa birden we itip götermekde 
jemi 189 kilogram toplap, birinji orna eýe bolan HHR-dan bolan türgenden bary-ýogy bir kilogram yza galyp, kümüş medala mynasyp boldy.

Ýeňil atletikaçylar hem şu gün medallar ugrunda güýç synanyşmaga girişdiler. Bäş ugur boýunça geçirilen ýaryşlarda dördünji orny eýelän Irina Welihanowa hormat münberiniň basgançagyna çykmaga sähelçe üstünlik ýetmedi.

“A” toparçada Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary futzal boýunça ýaryşda Gonkongyň toparynyň garşysyna oýun geçirip, 7:1 hasabynda ynamly ýeňiş bilen bäsleşige başlady. Eýýäm üçünji minutda biziň toparymyz öňe saýlandy hem-de birinji ýarymyň ahyryna çenli ýene-de iki pökgini derwezä salyp, üstünligini artdyrdy. Ikinji ýarymyň başynda bolsa türkmen futzalçylary oýnuň ykbalyny çözüp diýen ýaly, ýene-de dört pökgini derwezä geçirdiler. Gonkongyň toparyna diňe bir pökgi jogap bermek başartdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Serdar Rejepow iki pökgini geçirdi.

Şu üstünligiň gazanylmagynyň netijesinde biziň ýygyndymyz ikinji duşuşygynda 4:3 hasaby bilen Hytaý Taýbeýiniň toparyndan üstün çykan Solomon adalarynyň ýygyndy toparyna ýakynlaşdy. Indi, Solomon adalarynyň toparynda 6 utuk, Türkmenistanyň hem-de Hytaý Taýbeýiniň ýygyndy toparlarynyň hersinde 3 utuk bar, ýöne biziň ýygyndymyz häzirlikçe bir duşuşyga az geçirdi.

“B” toparçada Owganystanyň ýygyndysy öňde barýar. Ol ikinji gezek 6:1 hasabynda, bu sapar Maldiw toparyndan üstün çykdy. Özbegistan 5:1 hasaby bilen BAE-ni ýeňip, ikinji orna çykdy.

“C” toparçanyň ýygyndylarynyň duşuşygynda Ýaponiýa Liwany 5:2 hasaby bilen ýeňdi.

Şeýle hem “D” toparçada iki duşuşyk geçirilip Eýranyň ýygyndysy 16:1 hasabynda Taitiniň ýygyndysyny utdy. Iordaniýanyň ýygyndy topary bolsa Gyrgyzystanyň oýunçylaryndan 7:1 hasabyndan üstün çykdy.

Tennis meýdançalarynda birinji aýlawyň oýunlary dowam etdi. Türkmen tennisçisi Anastasiýa Prenko Gazagystanyň türgeni Kamila Kerimbaýewadan iki döwde ýeňildi we ýaryşyny tamamlady. Ertir ýygyndymyzyň ýene-de iki wekili Ýuriý Rogusskiý hem-de Jahan Baýramowa tennis meýdançasyna çykarlar.

Agşamara Olimpiýa toplumynyň welotrek mýedançasynda ilkinji ýaryşlar başlandy. Erkekler ýygyndy toparlarynyň arasynda gysga aralyga medallar ugrunda güýç synanyşyldy. Bu görnüşde altyn medal Eýranyň toparyna nesip etdi.

Ertirki gün ýaryşlara has-da baý bolar. Guşakly göreş, bilýard, 3x3 basketbol boýunça ýarlyşlar başlanar. Medallar ugrunda duşuşyklaryny futzalçylar we tennisçiler dowam eder, welotreklerde, ýeňil atletika ýodalarynda hem-de agyr atletika meýdançalarynda bäsleşikler ýaýbaňlanar. Jiu-jitsu, taýboks, taekwondo boýunça göreşlerde pälwanlar güýç synanyşarlar. (TDH)



Degişli Habarlar