Özbegistan Mýanma çagyryş berdi

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Mýanmadaky ýagdaýyň, esasan hem arakanly musulmanlara garşy artan hüjümleriň Özbegistanda alada sebäp döredýändigi mälim edildi

Özbegistan Mýanma çagyryş berdi

Adam hukuklarynyň global beýannamasy we BMG-da bellenen ýörelgeler we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň maksat we wezipelerine esaslanyp Özbegistanyň eden-etdiligiň ähli görnüşlerini ýazgarýandygy aýdylýan beýanatda: “Mýanmanyň hökümetiniň günäsiz musulmanlara garşy edýän hüjümlerini bes etmegini, hüjümleriň öňüniň alynmagy we meseläniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi üçin gerek bolan ähli çäreleri görmäge çagyrýarys” diýilýär.

Beýanatda mundan başgada Özbegisatnyň hökümetiniň arakanly bosgunlaryň zerurlyklary üçin ynsanperwer kömek ibermek barada karar kabul edendigi habar berildi.

Mýanmanyň goşunynyň ýaragly başbozarlara garşy göreş bahanasy bilen ýurdyň Arakan sebitinde asuda ilata garşy 25-nji awgustda başladan hüjümlerinde müňlerçe musulman ýogaldy. Mýanmanyň hökümetiniň sebite girmegi gadagan etmegi sebäpli ýogalan adamlaryň anyk sany kesgitlenip bilinenok.

Hüjümlerde 150-den gowrak oba ýudryň Ýaragly güýçleri we budist milletçiler tarapyndan ýok edildi. On müňlerçe arakanly musulman sebitden uzaklaşmaga synanyşýar. Mýanmadan gaçan asuda ilat daglyk ýerlere, Naf derýasynyň ýa-da deňiz ýolunyň üsti bilen Bangladeşe geçýär.



Degişli Habarlar