Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Prezident Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy

Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar.

Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, Sena we pasport ýaly döwlet nyşanlarynyň biri saýylýandygy göz öňünde tutulanda, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň bezeg maksatnamasynyň nyşanlarynyň we reňk sazlaşygynyň esasynda işlenip taýýarlanan täze markalar toplumynyň çykarylmagy öňde duran bäsleşikleriň ýokary derejeliligini ýene bir gezek tassyklaýar. Çünki oýunlar sport mazmunyndan başga uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýete eýedirler we özlerinde ägirt uly ylalaşdyryjylyk gujur-gaýraty jemleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow оýunlaryň başlanmagyna çenli 10 gün galmagy mynasybetli 7-nji sentýabrda bolan dabarada eden çykyşynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň taryhy çözgüdi biziň Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki sport abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalaryna ähli ussatlyklaryny görkezmegi we köp sanly medallary gazanmagy arzuw edip, sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän we adamlary belent üstünliklere ruhlandyrýan güýçdügini belledi.

Täze poçta markalary türgenler we janköýerler üçin oňat ýadygärlik sowgatlary bolarlar we filatelistleriň marka toplumlarynyň üstüni doldurarlar.

Markalary toplamak bilen meşgullanmaýanlar üçin bolsa poçta tölegleriniň owadan belgileri türkmen paýtagtynda şu hepdäniň ahyrynda badalga aljak uly sport baýramynyň keşbiniň kiçeldilen özboluşly beýanaty bolar. (TDH)



Degişli Habarlar