Gazagystan ilkinji gezek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna ýer eýeçiligini eder

Prezident R. T. Erdoganyň hem maslahata gatnaşmagyna garaşylýar

Gazagystan ilkinji gezek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna ýer eýeçiligini eder

Gazagystan ilkinji gezek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ylym we tehnalogiýa maslahatyna ýer eýeçiligini etmäge taýarlanýar.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 14-15-i aralygynda Stambul şäherinde geçirlen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna hödürlän teklibine laýyklykda, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ylym we tehnalogiýa maslahatynyň sentýabr aýynyň 10-11-i aralygynda Astanada geçirler.

Maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza 57 ýurduň döwlet we hökümet baştutany bilen birlikde synçy ýurtlardan we halkara guramalardan 80-e golaý wekiliýet gatnaşar.

Prezident R. T. Erdoganyň hem maslahata gatnaşmagyna garaşylýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ylym we tehnalogiýadan jogapkär ministrleriniň 9-njy sentýabrda geçirjek maslahatyndan soň 10-njy sentýabrda hem Astana EXSPO 2017 sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirler.

 

 



Degişli Habarlar