Prezident Erdogan Gazagystana gitdi

Erdogan saparyndan ozal beren beýannamasynda Arakanda dowam edýän pajyganyň bes edilmegi üçin köptaraply diplomatiýanyň alynyp barylýandygyny aýtdy

Prezident Erdogan Gazagystana gitdi

Prezident Erdogan Atatürk adyndaky howa menzilinden Gazagystanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Ylym we tehnologiýa maslahatyna gatnaşmak üçin ugramazyndan ozal beren beýannamasynda: “Arakanda dowam edýän gumanitar pajyganyň bes edilmegi üçin köp taraply diplomatik tagalla edýäris. Bu mesele boýunça 20-den gowrak lider bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim” diýdi.

Prezidenr Erdogan; “Şeýle-de aýalym, Daşary işler ministri, okum we ministrlerimiz bilen Bangladeşe sygynan musulmanlary baryp gördüler. Meseläniň ähli taraplary bilen gepleşikler geçirýäris. Bir tarapdan bolsa ynsanperwer kömeklerimizi degişli ýerelere ýetirýäris. Hudaýa şükür, az hem bolsa ýurdumyzyň berýän kömekleri bilen netije almaga başladyk” diýdi.

Prezident Eredogan: “Enşalla bu maslahat başdan geçirilýän pajyga garşy reaksiýa bolar. Bangladeşiň hökümeti ol ýerde bize ýer berip bilse, çadyr düşelgeleri üçin tejribämizden peýdalanmak, ol ýerde has amatly we howpsyz çadyr şäherçelerini gurmak isleýäris. Maslahatly arakanly musulmanlar bilen gyzyklanýan musulmanlar bilen resmi däl maslahat geçirmegi meýilleşdirýäris. Enşalla pajyganyň bes edilmegi üçin möhüm başlangy. Ederis. Ähli agza ýurtlaryň jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Erdogan: “Türk dünýäsiniň aksakaly hormatly Nursoltan Nazarbaýew bilen geçirjek duşuşyklarymyzda özara gatnaşyklarymyzy seljerip, hyzmatdaşlygymyzyň has-da ösdürilmegi barada pikir alarys. Şeýle-de sebitleýin we halkara meselelere garalar. Sapar mynasybetli käbir ylalaşyklara gol çekişeris. Astanadaky sergi meýdanyny we türk pawionyny görmäge pursat taparys. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Ylym we tehnologiýa maslahatyna gatnaşarys. Maslahata gatnaşjak hökümet we döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyklarymyz bolar. Ol ýerde Siriýa, Yrak, Palestina, Mýanma ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.

Erdogan: “Türkiýe we Gazagystanda strategik hyzmatdaş. Gurajak saparymyz geňeşiň maslahatynyň taýarlyklary taýdan möhüm ähmiýete eýe. 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyndan soň ýurdumyza ilkinji bolup sapar guran gadyrdan doganym Nazarbaýewdi. Gazak halkynyň bu gadyrdanlygyny ýatdan çykarmarys. Gazagystan FETÖ/PÝD-ä garşy göreşmäge dowam edýär. Gazagystan şol gözboýagçylaryň özleri üçin hem uly howp emele getirýändigtini bilýär” diýdi.



Degişli Habarlar