Halkara Kazan musulman kino film festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy

Tatarystanyň Prezidenti Minnihanow dabarada eden çykyşynda festiwalyň ünsleri özüne çekýändigini belledi

Halkara Kazan musulman kino film festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy

Tatarystanda şu ýyl 13-njisi geçirilýän Halkara Kazan musulman kino film festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy.

Paýtagt Kazandaky Piramit medeniýet we dynç alyş merkezinde geçirlen dabara sungat ussatlarynyň gyzyl halydan geçmegi bilen başlady.

Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow dabarada eden çykyşynda festiwalyň ünsleri özüne çekýändigini nygtady.

Festiwala gysga film kategoriýasyna “Diwar” filmi bilen Türkiýäniň adyndan gatnaşýan kino režisýor Mustafa Koraý Polat ilkinji gezek Kazan şäherine gelendigini we festiwala gatnaşmakdan hoşaldyklaryny aýtdy.

Polat “Diwar” filminiň Türkiýede çagalary bilen ýaşaýan siriýaly zenanyň hekaýasyny gürrüň berýändigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar