Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleri Bakuda duşuşdy

Üç ýurduň daşary işler ministri ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

802174
Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleri Bakuda duşuşdy

Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleriniň maslahaty Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu ýyl 6-njysy geçirlen maslahatda Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Memmedýarow we Gruziýanyň Daşary işler ministri Mikheil Žanelidze bilen duşuşdy.

Maslahatyň çäginde üç ýurduň daşary işler ministri ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Mewlüt Çawuşogly kärdeşleri bilen iki çäk gepleşikler hem geçirdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde düýn hem Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew tarapyndan kabul edilipdi.

 



Degişli Habarlar