Gazagystan Mýanmadaky Arakanly musulmanlaryň ýagdaýyna alada bildirýär

"Mýanmanyň hökümetine BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin çagyryş berdik”

Gazagystan Mýanmadaky Arakanly musulmanlaryň ýagdaýyna alada bildirýär

 

Gazagystanyň Daşary işler ministri Abdrahmanow “Mýanmadaky Arakanly musulmanlaryň ýagdaýyna alada bildirýäris” diýdi.

Ministr Abdrahmanow Parlamentde metbugata beren beýanatynda, “BMG-da 30-njy awgustda geçirlen maslahata gatnaşdyk we Mýanmanyň hökümetine ýurtdaky meseläniň çözülmegi üçin tagalla edýän BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin çagyryş berdik” diýdi.

“Mýanmadaky Arakanly musulmanlaryň ýagdaýyna alada bildirýäris” diýen Abdrahmanow, Mýanmada Yslamofobik meýilleriň bardygyny kesgitländiklerini we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň şol meseläniň çözülmeginde uly rol oýnap Mýanmanyň hökümeti bilen gepleşik geçirmegini isländiklerini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar