V Aziýa oýunlarynda mekdep okuwçylary we talyplar rugsada çykarlar

V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar

V Aziýa oýunlarynda mekdep okuwçylary we talyplar rugsada çykarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar. Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe – 2017-nji ýylyň 18-28-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylaryny, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny okuw meýilnamasyndan daşary rugsada goýbermek bellenildi. (TDH)



Degişli Habarlar