Özbegistan bilen Gyrgyz Respublikasy serhet meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistan bilen Gyrgyz Respublikasy serhet kesgitleme işlerinde serhediň 300 kilometrlik bölegi meselesinde heniz ylalaşyp bilmeýär

Özbegistan bilen Gyrgyz Respublikasy serhet meselesini ara alyp maslahatlaşdy

 

Özbegistan bilen Gyrgyz Respublikasy 1991-nji ýyldan bäri jedelleşikli mesele bolan iki ýurduň arasyndaki serhediň kesgitlenilmegi üçin gepleşik geçirdi.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, iki ýurduň hökümetleri tarapyndan döredilen iş topary awgust aýynyn 5-13-i aralygynda Namangan şäherinde duşuşdy.

Taraplar geçen ýylyn noýabr aýynda Fergana şäherinde geçiren gepleşiklerinde garaşsyzlygyň ilkinji ýyllardan bäri iki ýurduň arasynda jedelleşikli 7 gümrük geçelgesi meselesinde ylalaşyk gazanypdy we şeýlelikde iki ýurduň arasynda ylalaşylan gümrük geçelgeleriniň sany 56-a ýetipdi.

1991-nji ýylda garaşsyzlyklaryny ykrar eden Özbegistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda 1378 kilometrlik  serhet bar.

Taraplar garaşsyzlykdan soň başlan serhet kesgitleme işlerinde serhediň 300 kilometrlik bölegi meselesinde heniz ylalaşyp bilmeýär.

 

 



Degişli Habarlar