Türkmen gawunynyň gününe taýarlyklar dowam edýär

Orta Aziýanyň iň tagamly gawunlaryny ýetişdirýän Türkmensitanda 17-nji awgustda Türkmek gawunynyň güni bellenilip geçiler

Türkmen gawunynyň gününe taýarlyklar dowam edýär

1994-nji ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmen gawunynyň güni şu ýyl 5-nji Aziýa oýunlarynyň başlamagyna 30 gün galmagy mynasybetli geçiriljek çäreler bilen bilelikde bellenilip geçiler.

Hem Türk gawunynyň güni hem-de 17-nji sentýabrda başlajak olimpiýýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli geçiriljek çärelere; Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň agzalary, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçileri we raýatlar bilen birlikde daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda gawunyň 400-e golaý görnüşi ýetişýär. Şolardan Tejeniň “Waharmany”, Lebabyň “Gülabysy” iň süýji gawunlar hökmünde hasaplanylýar. “Waharman”, 60 gradusa ýetýän yssyda düme ekilýän gawun. Çäreleriň dowamynda meşhur gawunlar bilen birlikde ýurtda ýetişdirilýän gawunlaryň, garpyzlaryň we kädileriň görnüşleri bilen şolardan edilýän dürli önümler sergilener. Şeýle-de ýurduň belli sungat ussatlary, tans toparlary çykyşlar ederler.

17-nji awgust güni daşky gurşawyň goramagyň esasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda jemgyýetçilik transportlardan daşgary ulaglar gatnawa çykmaz. Sagat 07:00-dan 19:00 aralygynda ähli raýatlar işlerine welisoped, jemgyýetçilik transport serişdeleri ýa-da pyýada giderler.



Degişli Habarlar