Stambulda Manas heýkeli açyldy

“Bu heýkel iki halky biri-birine has-da ýakynlaşdyrar”

Stambulda Manas heýkeli açyldy

 

Stambul şäherinde ýerleşýän Sütlüje seýilgähinde Manas heýkeli açyldy.

Heýkeliň açylyş dabarasyna Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Soroonbaý Jeenbekow bilen Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş hem gatnaşdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş açylyş dabarasynda sözlän sözünde biri-birinden müňlerçe kilometr alysda bolan bir millet iki döwletiň halkynyň şeýle dabaralar mynasibetli duşuşmagyndan hoşaldygyny nygtady.

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Jeenbekowyň ýolbaşçylygyndaky gyrgyz resmi wekiliýetiniň Ankarada geçiren gepleşiklerinde iki ýurduň arasynda iki taraply bähbide esaslanýan gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdan ministr Kurtulmuş, mundan soň ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Jeenbekow bolsa Stambulda gurlan Manas heýkeliniň türk dünýäsiniň doganlygynyň simwoly boljakdygyny nygtady.

Jeenbekow iki halkyň dostlugyny jebisleşdiren Manas heýkeliniň Stambulda açylmagynyň özleri taýdan diýseň möhümdigini nygtady.

Premýer ministr Jeenbekow “Bu heýkel iki halky biri-birine has-da ýakynlaşdyrar” diýdi.

Premýer ministr Jeenbekow Türkiýäniň garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Gyrgyz Respublikasyna goldaw bermäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Dabarada söz sözlän Stambulyň şäher häkimi Kadyr Topbaş bolsa Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde Osmanly imperatory Fatih Soltan Mehmediň heýkeliniň dikeldirilmegini teklip etdi.

 



Degişli Habarlar