Aşgabat-Baku Strategik Hyzmatdaşlyga Tarap...

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri Strategik Hyzmatdaşlyk Etmek Baradaky Ylalaşyga Gol Çekişdiler

Aşgabat-Baku Strategik Hyzmatdaşlyga Tarap...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidewnt İlham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda awgust aýynyň 8-9-y aralygynda Azerbaýjanda resmi saparda boldy.

İki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň liderler Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Arasynda Strategik Hyzmatdaşlyk Etmek Baradaky Ylalaşyga gol goýdular.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda bar bolan we 1996-njy ýylyň 18-nji martynda gol çekişilen strategik hyzmatdaşlyk etmek baradaky teswirnama 2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda gol çekişilen ylalaşyk bilen aktuallaşdyryldy.

Strategik hyzmatdaşlyk etmek baradaky teswirnamada Hazar deňiziniň deltasyndan çykarylýan energiýa serişdeleriniň dünýä we Ýewropanyň bazarlaryna ýetirilmegi üçin hyzmatdaşlygy giňeltmek we “Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjistan-Türkiýe” üstaşyr transport taslamanyň tamamlanmagy üçin degişli goldawyň berilmegi barada nygtalýar.

Teswirnamadaky beýleki bir ugur bolsa türkmen we azerbaýjan dilleriniň iki taraply öwredilmeginiň ýaýbaňlandyrylmagy, iki ýurduň degişli guramalarynyň bu ugurda edýän tagallalaryny goldamak.

Liderler tarapyndan gol çekişilen Strategik hyzmatdaşlyk etmek baradaky teswirnamadan daşgary; Hazar deňizinde adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüniň alynmagy we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek, energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşky gurşaw, medeniýet we gonarar hukuklarynyň goralmagy, üstaşyr geçiş, syýahatçylyk we salgyt ugurlarynda hökümetara derejede hyzmatdaşlyk şertnamalaryna we teswirnamalara gol çekişildi.

 



Degişli Habarlar