Azerbaýjanly sungat ussatlary FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygy hakynda dokumantal film taýarlady

Azerbaýjanly kino režisýor Elçin Musaogly dokumental filmiň hem Türkiýede hem-de Azerbaýjanda surata düşürlendigini aýtdy

Azerbaýjanly sungat ussatlary FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygy hakynda dokumantal film taýarlady

Azerbaýjanly  sungat ussatlary Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygy hakynda dokumantal film taýarlady.

Dokumental filmde agdarlyşyk synanşygy gijesinde synanşyga garşy göreşen azerbaýjanlylaryň garaýyşlaryna ýer berilýär.

Maý aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda surata düşürilmäge başlanan dokumental film noýabr aýynyň 9-16-sy aralygynda geçiriljek Halkara 7-nji Malatýa kino film festiwalynda görkeziler.

Azerbaýjanly kino režisýor Elçin Musaogly dokumental filmiň hem Türkiýede hem-de Azerbaýjanda surata düşürlendigini aýtdy.

Musaogly 15-nji iýul gijesiniň garaňky gijedigini, özleriniň daň atýança ýatmandyklaryny we Türkiýedäki wakalar bilen ýakyndan gyzyklanandyklaryny belledi.

Kino režisýor  MosaoglyTürkiýede ýaşaýan azerbaýjanlylaryň 15-nji iýul gijesi meýdanlara çykmagynyň özlerini  buýsandyrandygyny sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar