Ankara şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi

Welosipedli ýöriş Ankara wagty bilen ir sagat 09:00-da Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasyndan başlanyldy

Ankara şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy hem-de "Aşgabat-2017" taslamasynyň çäklerinde 29-njy iýulda ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 29-njy iýulynda Ankara şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi.

Agzalan köpçülikleýin sport çäresine Ilçihananyň wekilleri, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary we "TRT" döwlet teleýaýlymynyň wekilleri gatnaşdylar.

Welosipedli ýöriş Ankara wagty bilen ir sagat 09:00-da Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasyndan başlanyldy we Türkiýäniň Premýer-ministrliginiň köşgi-Dikmen Wadisi kiçi etrapçasy-Türkmenistan seýilgähi ugry bilen dowam etdirildi. Welosipedli ýöriş sagat 12:00-a çenli dowam etdi we onuň dowamynda jemi 15 km ýol geçildi.

Ilçihana tarapyndan geçirilen bu çäre, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen, Ilçihananyň diplomatlarynyň we türkmen talyplarynyň arasynda sport bilen işjeň meşgullanmaga çagyryş bolup hyzmat etdi.



Degişli Habarlar