Türk dünýäsiniň türgenleri Bursada duşuşar

Şüweleňe 23 ýurtdan 215 türgen bilen jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşar

Türk dünýäsiniň türgenleri Bursada duşuşar

 

Bursanyň şäher häkimligi tarapyndan şu ýyl ikinjisi geçirilýän “Türk dünýäsiniň milli sport şüweleňi” Kojaýaýlada geçirler.

Şüweleňe 23 ýurtdan 215 türgen bilen jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşar.

Türkiýedäki Ýörük-türkmen jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek şüweleňiň çäginde at ýaryşy, atly okçulyk, atly göreş ýaly bäsleşikler geçirler.

Şüweleňiň çäginde Türk dünýäsiniň el sungatlary sergisi açylar.

 


Etiketkalar: göreş , şüweleň , türgen

Degişli Habarlar