Azerbaýjan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününde hem Türkiýäni ýalňyz goýmady

Azerbaýjan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň yzyna serpikdirilmeginiň birinji ýylynda hem Türkiýäni ýalňyz goýmady

Azerbaýjan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününde hem Türkiýäni ýalňyz goýmady

Türkiýäniň Azerbaýjandaky ilçihanasynda guralan çärede 15-nji iýul şehitleri hatyralandy.

Şehitler üçin Gurhandan aýat-töwürler okaldy.

15-nji iýulyň şaýatlary şol gijäni gürrüň berdi.

TRT we Anadoly habarlar gullugy tarapyndan taýarlanan wideolar arkaly 15-nji iýulda bolup geçenler görkezildi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň Baş orunbasary Ali Hasanow Prezident Ilham Aliýewiň hatyny okap berdi.

15-nji iýul gijesi Prezident Aliýewiň we Azerbaýjanyň halkynyň türk halkyna beren goldawyny ýatladan Ali Hasanow: "Ol gije Azerbaýjanda hiç kim ýatmady. Azerbaýjanyň Prezidentiniň orunbasary hökmünde men Prezidentiň ruhdan düşenine şaýat boldym" diýdi.

Paýtagt Bakuda jumga namazlarynda 15-nji iýul şehitleri üçin dogalar okaldy.

Paýtagtdan başgada Genje we Nahçywan bilen Azerbaýjanyň ençeme ýerinde hatyralama çäreleri geçirildi.

 



Degişli Habarlar