İlham Aliýew türk halkynyň gahrymançylygynyň özleri üçin nusgadygyny beýan etdi

Aliýew 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynyň 1-nji ýyly mynasybetli Erdogana hat ugratdy

İlham Aliýew türk halkynyň gahrymançylygynyň özleri üçin nusgadygyny beýan etdi

Prezident R.T. Erdogana ýazan hatyna “Eziz gardaşym” diýip başlan Azerbaýjanyň Preizdent İlham Aliýew, 15-nji iýul gijesi başdan geçirilen pajygaly wakalaryň ýurduň konstitutsion ulgamyny goran türk halkynyň janyny pida etmeginiň Azerbaýjanda hakyky gahrymançylyk nusgasy hökmnünde ýatlanýandygyny beýan etdi.

Demokratiýany goran millionlarça adamyň türk halkynyň ygtyýaryny başgalara bermejekdigini we döwletçilige garşy gönükýän ähli synanşyklaryň ýok bolmaga mejburdygyny sübut edendeigini nygtan Aliýew; “Wakany eşiden badyma Türkiýäniň hökümetine goldawymy beýan etdim we ýurduň konstitutsion ulgamyna kast etmek isleýänleri ýazgardym, Azerbaýjanyň hökümet agzalaryna degişli görkezmeleri berdim” diýip ýazdy.

Demokratik gymmatlyklary we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli uğurlarynda gazanylanlary gorap saklamak üçin mizemez ygtyýar görkezen şehitlerin hormatynyň elmydama ýaşadyljakdygyna doly ynanýandygyny nygtan Aliýew hatynda şeýle diýýär; “Siziň liderligiňiz, türk halkynyň arkalaşygy we kypynçsyzlygy saýasynda dönük niýetlerin öňüne berk diwar örüldi. Türkiýe uly howpdan halas boldy. Siz halky mobilizläp, ýurduň galkynyşy we dünýä döwletleriniň hataryndaky pozisiýasynyň güýçlenmegi üçin beýik işleriň hötdesinden geldiniz, şahsy bähbitlerini halkyň ygtyýaryndan ýokarda gören anti-milli güýçleri ýeňdiňiz. Bularyň ählisi doğanlyk Türkiýäniň raýatlary ýaly bizi hem ýürekden buýsandyrýar.

Eziz gardaşym! 15-nji iýul şehitlerine ýene-de bir gezek alladan rehnet, ýakynlaryna we doğanlyk türk halkyna sabyr dileýärin. Möhüm meselelerde siziň bilen arkalaşyklydygymy beýan etmek isleýärin.”

 



Degişli Habarlar