Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri harby türgenleşik geçirýär

Harby türgenleşik 16-njy iýuna çenli dowam eder

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri  harby türgenleşik geçirýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri Naheçewan Awtanomiýasynda harby türgenleşik geçirýär.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň Naheçewan Awtanomiýasynda harby türgenleşik geçirýändigi nygtaldy.

Beýanatda türgenleşigiň iki ýurduň ýaragly güýçleriniň birlikde operasiýa guramak ukybynyň ösdürilmeginiň maksat edinýändigi ýatladyldy.

Harby türgenleşik 16-njy iýuna çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar