Türkiýe DKTR-da 2020-njy ýyla çenli 400 kilometrlik ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda 2020-njy ýyla çenli 400 kilometrlik ýol gurar

Türkiýe DKTR-da 2020-njy ýyla çenli 400 kilometrlik ýol gurar

 

Iş sapary bilen Türkiýä gelen DKTR-nyň Aragatnaşyk ministri  Kemal Dürüst Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan bilen duşuşdy.

Myhman ministr Kemal Dürüst özara duşuşykda kenarýaka ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy üçin goldaw sorady.

Türkiýäniň Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan ministrlige degişli pudaklar üçin şu ýyl 117 million liranyň bölünip berlendigini aýtdy.

DKTR-nyň Aragatnaşyk ministri  Kemal Dürüst hem Türkiýäniň berýän goldawlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

 

 


Etiketkalar: pudak , ýol , Ahmet Arslan , ministr , DKTR , Türkiýe

Degişli Habarlar