Hytaýyň döwlet başlygy Si Szinpin Gazagystanda resmi saparda bolýar

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Hytaýyň döwlet başlygy Si Szinpini Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylady

Hytaýyň döwlet başlygy Si Szinpin Gazagystanda resmi saparda bolýar

Dabaradan soň geçirilen ikiçäk we toparara duşuşyklarda iki ýurdyň arasyndaky ykdysady, maýa goýum, medeniýet, tehnologiýa we howpsyzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk mümkünçilikler ele alyndy.

Prezident Nazarbaýew Gazagystan-Hytaý gatnaşyklarynyň nusga alarlykdygyny belläp: “Biziň aramyzda çözülmedik mesele ýok. Ykdysady ugurda Hytaý Gazagystanyň iň wajyp hyzmatdaşydyr” diýdi.

Nazarbaýew şu günki güne çenli Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa 100 million tonnadan gowrak nebit we 180 milliard kub metr tebigy gaz iberilendigini belläp: “Ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda kuwwady, Hytaýyň Gümrük hyzmatlary edarasyna görä 46 göterim, biziň hasabymyza görä 30 göterim artdy” diýdi.

Hytaýyň “Bir nesil-bir ýol” taslamasyny işjeň ýagdaýda goldaw berýändiklerini ýatladan Nazarbaýew: “Bir nesil-bir ýol” taslamasynyň çäginde “Nurly ýol” taslamasy bilen baglanşykly şertnama gol çekenimizden soň, Hytaý serhedinden Hazar deňizine çenli demir ýol gurdyk we Hytaý serhedindäki Horgos porty bilen Almata şäherini birikdirdik. Şeýlelik bilen Merkezi Aziýa we Gazagystanyň Hytaý bilen arabaglanşygyny üpjün etdik” diýdi.

Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin bolsa “Bir nesil-bir ýol” taslamasyna berýän goldawy sebäpli Gazagystana minnetdarlyk bildirip: “Hytaý bilen Gazagystanyň arasynda ähli ugurlarda berk gatnaşyklaryň bolmagy, iki ýurdyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň görkezijisidir” diýdi.

Gazagystan-Hytaý işewürler geňeşiniň maslahatynda hem iki ýurdyň arasynda 8 milliard dollarlyk 20 şertnama gol çekildi.



Degişli Habarlar