Astana gepleşikleri yza süýşürildi

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi 12-13-i iýunda geçirilmegi meýilleşdirilýän Astana gepleşikleriniň yza süýşürlendigini mälim etdi

Astana gepleşikleri yza süýşürildi

Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy Astanada 12-13-i iýunda 5-njisi geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň yza süýşürlip bilinjekdigini we mesele hakynda hemaýatkär ýurtlaryň gepleşigiň geçiriljek wagty, gepleşige gatnaşjak toparlar hakynda Gazagystana maglumat berjekdigini aýan etdi.

Mesele hakyndaky beýanatda “Hemaýatkär ýurtlardan täze maglumat aldyk. Russiýa, Türkiýe we Eýran öňümizdäki günlerde we hepdelerde ilki paýtagtlarynda Siriýadaky howpsyz zolaklar  we ylalaşygyň güýçlendirilmegi ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşar”diýdi.

 



Degişli Habarlar