Kipr gepleşiklerinde şertler aýryldy

DKTR-nyň Prezidenti Akynjy BMG-niň baş Sekretary Guterrşiň çakylygyna laýyklykda düýn agşam geçirilen duşuşykda şertleriň bes edilendigini we Ženewa gepleşikleriniň öňündäki bökdençligiň aýrylandygyny aýtdy

Kipr gepleşiklerinde şertler aýryldy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezident Mustafa Akynjy BMG-daky saparyndan soň Nýu-Ýorkda türk žurnalistleri bilen duşuşyp, sapary barada beýannama berdi.

Akynjy Nýu-Ýorkda Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen 3,5 sagatdan gowrak gepleşik geçirendiklerini, çünji 17-nji maýda Kiprde geçirilen soňky duşuşykda Ženewa gepleşikleri üçin netije alynmandygyny ýatlatdy.

BMG-niň baş sekretarynyň Kipr boýunça şahsy geňeşçisi Espen Bart Eýdäniň alyp baran diplomatik tagallasynyň hem netije bermändigini nygtan Akynjy, onuň sebäbiniň Kipriň grek böleginiň şert goýmagy bolandygyny aýtdy.


Etiketkalar: Kipr , Mustafa Akynjy , DKTR

Degişli Habarlar