Türk dünýäniň teatr ussatlary Mersinde duşuşdy

Mersiniň şäher häkimligi tarapyndan şu ýyl 3-njisi geçirilýän Türk dünýäsiniň teatr günleriniň ilkinji oýuny sahnalaşdyryldy

Türk dünýäniň teatr ussatlary Mersinde duşuşdy

Teatr günlerinde ilki gyrgyz Milli Akademiýasynyň drama teatrynyň “Gorkut Ata” atly oýuny sahnalaşdyryldy.

Sergi zalynda geçirlen açylyş dabarasyna Şäher häkiminiň orunbasary Burhanettin Kojamaz, Welaýat häkiminiň orunbasary Süleýman Deňiz, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İbragim Junusow, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow, Gyrgyz Respublikasynyň TÜRKSOÝ-daky wekili Kojogeldi Kuliýew bilen birlikde dürli ýurtlardan gelen sungat ussatlary gatnaşdy.

15-nji maýda başlan Türk dünýäsiniň teatr günleri 20-njy maýa çenli dowam eder.

 


Etiketkalar: ussat , teatr , Mersin , Gorkut Ata

Degişli Habarlar