Goňşy Özbegistanyň çagalary Awaza dynç almaga geldiler

Ýurdumyzyň bilim, daşary işler, medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Balkan welaýatynyň häkimligi, TNGIZT çagalaryň kabul edilmegini we dynç almagyny guraýarlar

Goňşy Özbegistanyň çagalary Awaza dynç almaga geldiler

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň, Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky doganlyk döwletiň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon gepleşiginde teklip eden çakylygy boýunça geldi.

Şonda Türkmenistanyň lideri Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej toplumlarynyň we kaşaň myhmanhanalaryň Özbegistanyň okuwçylaryny dynç almak üçin kabul etmäge taýýardygyny belledi. Ine, şu gün bolsa goňşy ýurduň dürli sebitlerinden –Buharadan, Nowaýydan, Horezmden, Garagalpagystandan bolan çagalaryň 100-e golaýy “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezine ýerleşdiler.

Özbek okuwçylarynyň ýany bilen olaryň mugallymlaryndan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň halk bilim, saglygy goraýyş ministrlikleriniň, milli teleradio kompaniýasynyň, “Tomoşa” çagalar teatrynyň wekilleri we beýlekiler geldiler.

Awazanyň ýaş myhmanlaryna dynç alyş döwründe deňiz türkmen şypahanasy boýunça gyzykly gezelençler, aýdym-sazly we sport çäreleri garaşýar. Mysal üçin, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar, şeýle hem döredijilik bäsleşikleri, ýaş bilermenleriň bäsleşigi, edebi agşamlar, ýörişler, gezelençler we beýlekiler garaşýar. Özbek okuwçylary Awazada 25-nji maýa çenli dynç alarlar. (TDH)

 



Degişli Habarlar