Nowruz baýramy Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Mary şäherinde geçirilen milli Nowruz baýramçylygynda öwüşginli pursatlar başdan geçirildi

696060
Nowruz baýramy Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygyi ministrler, Aşgabatda işleýän daşary ýurtly diplomatlar bilen raýatlaryň gatnaşmagyndaky dabaraly baýramçylykda türkmenler; myhman söýerlikleri bilen birlikde gadymy däp-dessurlaryndan görkezilip bilinjek, wizual taýdan hödürlenip bilinjek näme bar bolsa myhmanlaryna görkezdiler. Milli tagamlardan hödür-kerem etdiler.

Milli ak öýleriň ýerleşen baýramçylyk meýdanynda adaty ekerançylyk usullaryndan el hünärlerine çenli köp zat sergilendi.

Elbetde milli nowruz datlysy semeni hem pişirilipdi uly gazanlarda we dabara gelenlere hödür edildi. Milli tanslar dabaranyň her bir tapgyrynda bardy. Hiňňildige münen ýaşlar, owlakdyr-guzylar bilen dostlaşan çagalar baýramçylygyň esasy özboluşlyklaryndan käbirleri.

Atly görkezlişler bolsa baýramçylyga gelenleriň ählisini tolgundyrdy.



Degişli Habarlar