Gyrgyz Respublikasynyň BMG-ne agza bolmagynyň 25 ýyllygy
Gyrgyz Respublikasynyň BMG-ne agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Atambaýew we BMG-niň Baş Sekretary Guterreş birek-biregi gutladylar
Gyrgyz Respublikasynyň BMG-ne agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Almazbek Atambaýew we BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreş birek-biregi gutladylar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Antonio Guterreşe ugradan ýüzlenmesinde geçen çärýek asyryň dowamynda BMG-niň Gyrgyz Respublikasynyň sosial, ykdysady taýdan ösmegine we esasy ugurlarda özgertmeleri iş ýüzüne geçirmegine uly goşant goşandygyny beýan etdi.
Almazbek Atambaýew BMG-niň durnukly ösüş maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi nazarda tutýan taslamalaryň we maksatnamalaryň iş ýüzüne geçirilmegine Gyrgyz Respublikasynyň egilşiksiz goşant goşjakdygyny nygtady.
Atambaýew ýurdunyň BMG-ne agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Antonio Guterreşi Gyrgyz Respublikasyna çagyrdy.
BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreş bolsa Gyrgyz Respublikasynyň BMG-ne agzalygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ähli gyrgyz halkyny gutlady.
Geçen 25 ýylyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň ynamdar hyzmatdaşa öwrülendigini nygtady. Netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny yglan eden Gyrgyz Respublikasy 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-na agza bolupdy.