Şawkat Mirziýoýew Berdimuhamedowy gutlady

Türkenistanda geçirilen saýlawda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow üstün çykdy

672536
Şawkat Mirziýoýew Berdimuhamedowy gutlady

12-nji fewral ýekşenbe güni Türkenistanda geçirilen saýlawda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow üstün çykdy.

Sesleriň 97,69 göterimini alyp, ýaňadandan döwlet ýolbaşçylygyna saýlanan Berdimuhamedowa mundan 2 aý ozal kürsä oturan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden gutlag ýüzlenmesi gelip gowuşdy.

Mirziýoýew ýüzlenmesinde “Berdimuhamedowyň durnukly syýasaty netijesinde Türkmenistran syýasy, ykdysady we sosial taýdan günsaýyn güýçlenýär” diýdi.

Özbegistanyň Prezidenti ýüzlenmesinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň barha ösýändigini hem beýan etdi.

 



Degişli Habarlar