Türk uçary Gyrgyzystanda ýere gaçdy

Wakada 37 adam ýogaldy

651846
Türk uçary Gyrgyzystanda ýere gaçdy

Gyrgyzystanda bir türk ýük uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde 37 adam ýogaldy.

Gyrgyzystanyň Wise-premýeri Muhambetkalyý Abulkaziýew Gong-Kong-Bişkek saparyny ýerine ýetirýän ýük uçarynyň ýerli wagt bilen sagat 7:30-da Bişkek şäheriniň golaýyndaky bir obanyň üstüne gaçandygyny, hadysada 37 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýogalan adamlaryň aglabasynyň uçaryň ýere gaçan ýerindäki obanyň ýaşaýjylarydygyny habar berdi.

Ýogalan 4 ekipažyň bolsa türkdigi bellendi.

Ýaralanan 6 adam hassahanada bejergi astyna alyndy.

Wakanyň bolan ýeine köp sanda ýangyn söndüriji we tiz kömek ulagy iberildi.



Degişli Habarlar