Türkmenistanyň Prezidenti BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy

26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhman bilen görşüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatda nobatdaky gezek kabul edýändigine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy. Biziň ýurdumyzy bu gurama bilen strategiki häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyň işine gatnaşýandygy üçin jenap Pan Gi Muna minnetdarlyk bildirip, BMG-niň howandarlygynda türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen maslahatyň sebit we dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

 

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana ýene-de gelmäge mümkinçiligiň dörändigi üçin örän şatdygyny aýtdy hem–de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Pan Gi Mun mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik, şeýle hem BMG-niň wekilhanasy üçin täze bina ýaly ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şeýle goldaw berilmedik bolsa, özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň biziň ýurdumyzda alyp barýan işleri netijeli we üstünlikli bolmazdy diýip belledi.

 

Milli Liderimiz hem-de belent mertebeli myhman duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak hem-de giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, sebit we dünýä howpsuzlygy, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen bagly döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

 

Dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň hem-de durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan, dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gös-göni täsir edýän ulag--aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary pikir alyşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Jenap Pan Gi Mun Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyza Aşgabatda bu maslahaty geçirmäge ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstaşyr-ulag kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň olary netijeli amala aşyrmaga çalyşýandygyny, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly, döwrebap logistika merkezi döretmäge çalyşýandygyny belledi.

 

Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde giň gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, giň gerimli taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär, halkara üstaşyr-ulag düzümini döretmäge mynasyp goşant goşýar.

 

Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köp ugurly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleri aýdyň şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda degişli Kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Baştutanyna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin, aýratyn-da, türkmen paýtagtynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy hökmünde saýlanyp alynmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň açylmagy dünýä bileleşiginiň sebitleriň asuda hem-de sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan şertleri döretmäge bir bitewi çemeleşmesini nobatdaky gezek tassyklady. Bu merkeziň Aşgabatda ýerleşdirilmegini biz bitarap döwlete bildirilýän uly ynamyň we hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

 

Şeýle hem Türkmenistan howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz geçen ýylyň dekabrynda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen Howa baradaky maslahatyň jemleýji resminamasyna—“Pariž ylalaşygyna” gol çekdi, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, zerur ulgamlaýyn usullary döretmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Gürrüň, hususan-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak hakynda barýar.

 

Jenap Pan Gi Mun BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen Lideriniň tagallalaryna, şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýardam berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek işinde Türkmenistanyň netijeli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

 

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň asuda ösmegine hem-de durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge goşýan goşandynyň möhümdigi bellenildi, bu öz nobatynda tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.

 

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň abraýly düzümleriniň biri bolan BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlarda maksada gönükdirilen işleri geçirmäge taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady. Ägirt uly mümkinçilikleri bolan bu hyzmatdaşlygyň her ýyl geljegi uly bolan täze ugurlary peýda bolýar diýip, milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň gazanylan derejesine kanagatlanma bilen ýokary baha berdi.

 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman köpýyllyk üstünlikli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynam bildirip, hut BMG-niň derejesindäki netijeli gatnaşyklaryň dünýä bileleşigine agza ýurtlaryň bilelikdäki işleriniň anyk ugurlaryny kesgitlemäge hem-de häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde anyk çäreleri işläp taýýarlamaga gös-göni ýardam etmäge ukyplydygyny bellediler.

 

Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap U. Hunbo hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi jenap Miroslaw Ýençe gatnaşdylar. (TDH)



Degişli Habarlar