Garahanlylar döwrüne degişli eserler ünsleri özüne çekýär

Gyrgyzystanda Garahanlylar döwründe gurlan eserler döwrüň arhitektura eserleriniň kaşaňlygyny görkezýär

590141
Garahanlylar döwrüne degişli eserler ünsleri özüne çekýär

Orta Aziýada müňlerçe ýyl ozal yslam dinini kabul eden ilkinji türk döwleti bolan Garahanlylar döwrüne degişli minaralar we türbetler şol döwrüň medeniýetini açyk aýdyň görkezýär.

Gyrgyzystanyň demirgazygynda we günortasynda 840-1212-nji ýyllarda Türkistanda we Mawerunnaharda höküm süren Garahanlylar döwründe gurlan eserler döwrüň arhitektura eserleriniň kaşaňlygyny görkezýär.

Garahanlylar döwrüne degişli eserler döwrümizde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Gyrgyzystanyň demirgazygynda Tokmok (Balasagun) we günortasynda (Uzgen) şäherlerinde iki paýtagty bolan Garahanlylaryň şol şäherlerde birnäçe asyr ozal guran minaralary we türbetleri bar.

Tokmok şäherinde ýerleşýän belentligi 26 metr bolan Barana minarasy arhitektura gurluşy bilen ünsleri özüne çekýär.

Özgen şäher merkezinde ýerleşýän gyzyl kerpiçden gurlan Özgen minarasy 27,4 metr belentlige eýe.

 



Degişli Habarlar