Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Ysraýylyň dostlukly halkyna duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi

579103
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline hem-de Ysraýyl Döwletiniň Premýer-ministri Benýamin Netanýahua Ysraýyl Döwletiniň ozalky Prezidenti Şimon Peresiň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Ysraýylyň dostlukly halkyna duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi. (TDH)



Degişli Habarlar