Türkmen türgenleri Aziýanyň kenarýaka oýunlaryny üstünlikli başlaýarlar

Şu günler Wýetnamyň Danang şäherinde 45 ýurduň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda V Aziýa kenarýaka oýunlary dowam edýär

Türkmen türgenleri Aziýanyň kenarýaka oýunlaryny üstünlikli başlaýarlar

Ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar. Ýurdumyzyň ýygyndysynyň wekilleri eýýäm medallaryň ýedisini gazandylar.

Kuraş göreşi boýunça bäsleşiklerde Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Nurýagdy Jepbarow (73 kg çenli) we Türkmenabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Saparowa (48 kg çenli) tapawutlanyp, degişlilikde kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Zenanlaryň arasynda taýboks boýunça ýaryşda ildeşlerimiz iki baýragy eýelediler. Ýanyl Kawisowa (57 kg çenli) hem-de Jennet Aýnazarowa (60 kg çenli) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar. Bu türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr.

Söweş sungaty  federasiýasynyň wekilleri Ulýana Kudinowa (49 kg çenli) we Angelina Filippowa (55 kg çenli) jiu-jitsu boýunça bürünç medallara eýe boldular. 

Mundan başga-da, jiu-jitsu boýunça görkezme çykyşlarda Milli howpsuzlyk institutynyň talyplary Ýusup we Ahmet Taňryberdiýewler kümüş medal gazanmagy başardylar.

Sportuň bu görnüşleriniň ählisi geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem Wýetnamda geçýän kenarýaka oýunlara bu toplumlaýyn ýaryşa taýýarlygyň möhüm tapgyry hökmünde garamak mümkin.

Türgenlerimiz basketbol (3х3 görnüşde), sport göreşinde (erkin we grek-rim) hem-de sambo boýunça ýaryşlarda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler.



Degişli Habarlar