Türkmen pälwanlary umumy toparlaýyn hasapda ýeňiş gazandylar

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçýän Aziýanyň çempionatynda milli göreş boýunça türkmen pälwanlary erkekleriň we zenanlaryň arasynda umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler

Türkmen pälwanlary umumy toparlaýyn hasapda ýeňiş gazandylar

Düýn nusgawy usul boýunça tutluşyklarda ildeşlerimiz 23 medal gazandylar. Olaryň 10-sy altyn, dördüsi kümüş we dokuzysy bürünç medallardyr.

Aziýa yklymynyň dürli ýurtlaryndan 300 töweregi türgen gatnaşýan bu synag ýaryşynyň birinji gününde pälwanlarymyz 25 medala (12 altyn, 10 kümüş, 3 bürünç) mynasyp bolupdylar. Ýaryşyň ikinji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan medallarynyň sany 48-e (!) ýetdi. Munuň özi ildeşlerimiziň doly artykmaçlygyna şaýatlyk edýär.

Ikinji orny eýelän gyrgyz pälwanlary 10 medala (iki altyn, bir kümüş we ýedi bürünç) mynasyp boldular. Täjigistanyň ýygyndysy hormatly üçünji orna mynasyp boldy. Bu toparyň pälwanlary bir altyn, üç kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.

Düýn hem final tutluşyklarynyň aglabasy diňe türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçdi. Erkekleriň arasynda 62 kilograma çenli agram derejesinde geçen final tutluşygy aýratyn ýatda galyjy boldy. Bu tutluşykda dünýäniň iki gezek çempiony, halkara derejeli sport ussady Tirkişgeldi Aýazow bilen Isgender Aşyrow güýç synanyşdylar. Dünýä çempionatlarynyň altyn medallarynyň eýesi iki gezek örän owadan hem birkemsiz emel bilen garşydaşyny ýykyp, tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Indi onuň halkara sport äleminde gazanan köp sanly ýeňişleriniň üstüne göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda gazanylan ilkinji altyn medal hem goşuldy. Ildeşimiz I.Aşyrow bolsa bu agram derejesinde ikinji orna mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agramda altyn medal ugrunda tutluşyga iki türkmen türgeni çykdy. Bu tutluşyk pälwanlaryň ahmyrly bolmazlyklary üçin özboluşly häsiýete eýe boldy.  Tutluşykda «erkin usul»  görnüşinde ýeňiş gazanan Gülnar Haýytbaýewa, şol usulda kümüş medala eýe bolan Dinara Hallyýewa bilen duşuşdy. Bu duşuşykda D.Hallyýewa ýeňiş gazandy. Iki görnüş boýunça ýaryşyň netijesinde pälwan gyzlaryň hersi bir altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular.

Bulardan başga-da, Şatlyk Myradow (57 kg çenli), Guwanç Ýagmyrow (82 kg çenli), Murgapgeldi Ataýew (90 kg çenli), Şyhmyrat Durdyýew (100 kg çenli), Jepbar Atamämmedow (100 kg-dan ýokary), Zöhre Mädreýimowa (58 kg çenli), Nasiba Surkiýewa (70 kg çenli) hem-de Jahan Muhammedowa (70 kg çenli) ýene altyn medallaryň sekizisini gazanyp, ýurdumyzyň sport üstünliklerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular.

Şükür Annaesenow (68 kg çenli) we Aýşirin Haýdarowa (52 kg çenli) kümüş medala mynasyp boldular. Agageldi Tagandurdyýew (57 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Bäşim Orazow (75 kg çenli), Toýlymyrat Durdymyradow (88 kg çenli), Altymuhammet Ýegenow (100 kg çenli), Laçyn Badaglyýewa (52 kg çenli), Rano Uzakowa (70 kg çenli) we Maksuda Egemberdiýewa (70 kg-dan ýokary) baýrakly üçünji orny eýelediler.

Tutluşyklaryň arasynda tomaşaçylara sport ugrundan sowallara jogap bermek teklip edildi, özüni görkezmegi başaranlara bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

TDH-nyň habarçysy bu Aziýa çempionatynyň müdiri, Guşakly göreş boýunça Halkara federasiýasynyň wekili Wener Gaýnullin bilen duşuşdy. Ol ýaryşyň gidişiniň özünde galdyran täsiri barada gürrüň berdi. Daşary ýurtly myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara sport hereketini ösdürmäge goşýan goşandy üçin hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän şeýle işleri netijesinde ýurdumyzda halkara ölçeglerine  laýyk gelýän döwrebap sport toplumlary guruldy hem-de Türkmenistan dünýä we yklym derejesindäki iri ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik aldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan Olimpiýa şäherjigi Merkezi Aziýanyň sport genji-hazynasyna öwrüldi. Çünki şeýle ägirt uly sport desgasy bu sebitiň başga hiç ýerinde ýok.

Şeýle hem W.Gaýnullin bu ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesine, esasanam, türkmen milli medeniýetiniň däp-dessurlarynyň häzirki zaman sportunyň okgunlylygy bilen sazlaşygyny şöhlelendiren, özboluşly milli äheňli ajaýyp açylyş dabarasyna haýran galandygyny aýtdy. Munuň özi çempionatyň guramaçylarynyň hünär derejeleriniň ýokarylygyndan, olaryň çempionaty geçirmeklige döredijilikli çemeleşendiklerinden habar berýär. Myhman geljekki wezipeler hakda aýtmak bilen, öňde duran Aşgabat-2017 sport baýramynyň hem mynasyp derejede geçjekdigine ynam bildirdi.

Ýaryşyň guramaçylarynyň kömekçileri meýletinçilerem oňat baha mynasyp boldular.

Türkmenistanda hemmeler sporty söýýär. Muňa türgenleriň görkezýän ýokary netijeleri hem-de tomaşaçylaryň ýaryş geçýän binalary dolduryp oturmaklary güwä geçýär. 2014-nji ýylda Aşgabatda geçen göreş boýunça birinji dünýä çempionatynyň hem-de guşakly göreş boýunça XII dünýä çempionatynyň barşynda hem biz muňa şaýat bolduk. Türkmen sport hünärmenleri bilen işleşmek biziň üçin örän ýakymly diýip, guşakly göreş boýunça halkara federasiýasynyň wekili Wener Gaýnullin aýtdy.

Göreş boýunça Aziýa çempionaty umumy toparlaýyn hasapda biziň pälwanlarymyzyň ýeňiş gazanmaklary bilen tamamlandy. 28-nji iýunda yklym derejesindäki ýaryşlar guşakly göreş boýunça dowam etdiriler. Bu görnüşde «erkin usulda» erkekleriň arasynda sekiz, zenanlaryň arasynda bäş agram derejelerinde medallar ugrunda bäşleşik geçiriler. (TDH)



Degişli Habarlar