Medeniýetleriň Arkalaşygynyň 7-nji forumy Azerbaýjanda öz işine başlady

3 gün dowam etjek foruma 2 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar

Medeniýetleriň Arkalaşygynyň 7-nji forumy Azerbaýjanda öz işine başlady

BMG-nyň Medeniýetleriň Arkalaşygynyň 7-nji forumy Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda öz işine başlady.

Baku kongres merkezinde öz işine başlan forumyň Ýaş liderler duşuşygyna Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministri Azad Rehimow, BMG-nyň Medeniýetleriň arkalaşygynyň ýokary wekili Nassyr Abdulaziz Al Nasser, Haýdar Aliýew gaznasynyň başlygynyň orunbasary Leýla Aliýewa we dürli ýurtlardan gelen 150-ä golaý ýaş lider gatnaşdy.

Forumyň birinji oturlyşygynda ýaşlaryň parahatçylyga, howpsyzlyga we galkynyşa goşýan goşandynyň ähmiýetine üns çekildi.

3 gün dowam etjek foruma BMG-na agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, halkara we sebitara guramalaryň wekilleri, sungat ussatlary we ylmy işgärler bilen birlikde 2 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Resmi taýdan ertir açyljak foruma Türkiýäniň adyndan Prezident R. T. Erdogan gatnaşar.


Etiketkalar: Azerbaýjan , BMG

Degişli Habarlar