Ilham Aliýew Jon Kerri bilen duşuşyk geçirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Ýadro howpsyzlyk maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitdi. Azerbaýjanyň Prezidenti Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşdy

461924
Ilham Aliýew Jon Kerri bilen duşuşyk geçirdi

Aliýew we Kerri ýurduň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçiren duşuşyklarynda iki ýurduň ençeme ugurda hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler.

Aliýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 25 ýyllyk taryhynyň bardygyna ünsi çekip: “ABŞ-nyň kärhanalary biziň ykdysadyýetimize 10 milliard dollar nöçberinde maýa goýdy. Bu iki ýurduň arasyndaky gowy hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň we biziň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň görkezijisidir" diýip belledi.
Ilham Aliýew ABŞ bilen Günorta Gaz koridory taslamasynda hem bilelikde işleýändiklerini ýatladyp: “ABŞ-na taslama berýän goldawy sebäpli minnetdarlyk bildirýärin. Şol goldaw berilmedik bolan ýagdaýynda taslamanyň durmuşa geçirilmegi has köp wagt alardy we köp kynçylyk çekerdik" diýdi.
Aliýew ABŞ-nyň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky meseläniň çözgüdi üçin edýän tagallasyna hem ünsi çekip: “Biz Ermenistanyň şertsiz bir ýagdaýda gysga wagtyň içinde serhetlerimiziden çykmagyny göz öňüne tutýan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň çözgüdiniň çäginde şu meseläniň çözülmelidigini pikir edýäris" diýdi.

Jon Kerri hem Azerbaýjanyň dartgynly bir sebitde ýerleşýändigini ýatladyp, Aliýewiň sebitiň zerurlyklaryna laýyklykda bir pozisiýa eýeleýändigini belledi.


Degişli Habarlar