Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dartgynlyk dowam edýär

Ýüze çykan soňky çaknyşykda azerbaýjanly 1 esger şehit boldy

430218
Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dartgynlyk dowam edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň sabotaž etmegi netijesinde azerbaýjanly Rahab Guliýewiň şehit bolandygy aýdylýar.

Ministrligiň resmileri şehit bolan esgeriň maşgalasyna we dogan-garyndaşyna gynanç bildirdi.

Soňky çaknyşykdan soň front liniýasynda täze ýyldan bäri ýogalan azerbajanly esgerleriň sany 3-e ýetdi.



Degişli Habarlar