Gurban baýramy-hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy

Şu gün Türkmenistanda esasy musulman baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli toý çäreleri başlandy

391625
Gurban baýramy-hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy

Ol hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanandan soň 71-nji gününde başlaýar hem-de Mekke we Medinä haj zyýaratynyň tamamlanmagy bilen gabat gelýär.

Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-bablarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly belleýär. Şu ýyl onuň baýram edilýän günleri 24-25-26-njy sentýabra düşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şol günler ýurdumuzda däp boýunça iş günleri däl diýilip yglan edildi.

Türkmenleriň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine gabat gelýän bu ajaýyp baýramçylygyň hoşniýetlilige we päkýüreklilige çagyrýan, ajaýyp Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegine bolan ynamy pugtalandyrmak bilen parahatçylygyň sazlaşyklygyna, onuň döredüjilik başlangyçlarynyň dabaralanmagyna ýardam edýändiginde çuňňur manysy bardyr.

Şol günlerde Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň metjitleri has-da köp adamly. Ençemesi milli binagärligiň ajaýyp nusgasy hasaplanýan mukaddes metjitler özboluşly ruhy ojaga, baýramçylygyň mazmunyny ýüze çykarýan aýratyn hoşniýetliligiň we päkýürekliligiň ruhunda namaz okalýan ýere öwrülýär. Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ir säheri ähli metjitlerde “Gurban-aýyt namazynyň” okalmagyndan başlandy.

Hormatly Prezidentimiziň milletiň ruhuny galkyndyrmak, türkmenleriň gadymy däplerini dikeltmek baradaky aladalary netijesinde, ýurdumuzda adamlaryň ata-babalarymyzyň däplerine eýerip mukaddes borçlaryny ýerine ýetirip bilmegi üçin hemme şertler döredildi. Ine, şu günler hem türkmenistanlylaryň 188-si haj zyýaratyny amala aşyryp, Gurban baýramyny Mekkede belleýärler.

Ýurdumuzuň şäherlerinde we obalarynda bu ajaýyp baýramçylyga baý medeni maksatnama bagyşlandy, hemme ýerde aýdym sazlar ýaňlanýar. Däp boýunça bu waka mynasybetli dikilen belent hiňňillikleriň ýanlary örän köp adamly, olar Gurban baýramynyň tapawutly milli aýratynlygydyr. Kökleri asyrlaryň çuňluklaryna gidýän bu owadan dessur türkmenlerde şu güne çenli saklanyp galyp, mukaddes Gurban baýramynyň toýlanýan günlerine özünüň gaýtalanmajak öwüşgünini çaýýar.

Hiňňillikleriň töwereginde meşhur aýdymçylaryň, halk döredijilik we tans toparlarynyň çykyş edýän ýörüte konsert sahnasy gurnalypdyr. Diňe bir belent hiňňilikler, meýdançalar we seýilgähler däl, eýsem, şolara alyp barýan paýtagtymyzyň giň şaýollary bezelen köp dürli reňkli ýagtylandyryjy çyralar ähliumumy baýramçylygyň belent ruhuny aýdyň ýüze çykarýar. Bu ýerlere aýratynam agşamaralaryna uly akym bilen gelýän adamlaryň ýüzüne ýaňlanýan owazlar bilen utgaşyp düşýän owadan öwüşgünler olaryň şatlygyny we galkynan ruhuny şöhlelendirýär, adamlaryň ýürekleri bolsa öz Watanyna onda dabaralanýan parahatçylyga we abadançylyga bolan buýsançdan doly.

Şol günler adamlar ýakynlaryna, dostlaryna we goňşularyna hökman myhmabnçylyga barýarlar, saçagy giňden ýazyp sadaka berýärler, özleri myhman kabul edýärler. Hemmeleriň dilinde “Gurbanlygyňyz kabul bolsun!” diýen dilegler ýaňlanýar.

Türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna kybap gelýän mukaddes baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de barlygyň ruhy esaslary bolan hoşniýetliligiň, päkýürekliligiň we ynsanperwerligiň bakylygynyň dabaralanmasy bolup durýar. Şu baýram günlerinde watandaşlarymyzyň her biri halkymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde milletiň gadymy we ruhy-medeni däplerine aýawly garaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Goý, Allatagalla berlen gurbanlyklary hem-de okalan aýat-dogalary kabul etsin! Gurbanlygyňyz kabul bolsun! (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar