Maldowa Russiýa tarapyndan sebite abanýan howpa alada bildirýär

Timofti ýurdunyň howpsyzlygy üçin NATO bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmelidigini nygtady

270555
Maldowa Russiýa tarapyndan sebite abanýan howpa alada bildirýär

Maldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaý Timofti ýurdunyň howpsyzlygy üçin NATO bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmelidigini nygtady.
Prezident Timofti telewideniýe kanalyna beren beýanatynda Russiýa tarapyndan sebite abanýan howpa alada bildirýändigini belledi.
Timofti ýurdunyň NATO bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmezligine gynanç bildirýändigini ýatlatdy.
Maldowa NATO-nyň “Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk” meýilnamasyna 2006-njy ýylda degişli bolupdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar