Krymogly Ankarada saparda boldy

Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Abdüljemil Krymogly Ankarada saparda boldy

205745
Krymogly Ankarada saparda boldy

Ukrainanyň parlamentiniň halk deputaty we Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Abdüljemil Krymogly Ankarada saparda boldy.
Krymogly ilki Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine bardy.
Mustafa Abdüljemil Krymogly Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy.
Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşyk ýarym sagat dowam etdi.
Krymogly soň bolsa Çankaýa köşgünde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi.
Kabul edilşige Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.
Mustafa Abdüljemil Krymoglynyň saparynyň çäginde Ukrainadaky Krym tatarlarynyň ýagdaýy meselesi seljerildi.
2014-nji ýylyň 27-nji fewralynda Russiýanyň tarapdarlary Ukraina tabynlykdaky Krym Awtanomiýasynyň parlamentini basyp alypdy we geçirlen ähli halk sese goýulşygyndan soň Krym bir taraply ýagdaýda Russiýa birikdirlipdi.

 

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar