Hasan Ruhani Azerbaýjana bardy

Hasan Ruhani resmi saparynyń çäginde Azerbaýjanyń Prezidenti İlham Aliýew bilen duşuşdy

189543
Hasan Ruhani Azerbaýjana bardy

Eýranyń Prezidenti Hasan Ruhani Azerbaýjana bardy.
Ruhaniniń Azerbaýjana guran resmi saparynyń çäginde iki ýurduń arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini göz öńünde tutýan ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi.
Hasan Ruhani resmi saparynyń çäginde paýtagt Bakuwda Azerbaýjanyń Prezidenti İlham Aliýew bilen duşuşdy.
Duşuşykda iki kärdeş iki ýurduń arasyndaky gatnaşyklaryń ösmegine hoşallyk bildirdi.
Ruhani bilen Aliýew Garabag meselesini hem ara alyp maslahatlaşdy.
İlham Aliýew Azerbaýjanyń territorial bitewiligine ünsi çekdi we meseläniń gysga wagtda çözülmelidigini belledi.
Aliýew “Bu mesele halkara hukuk kadalarynyń we Azerbaýjanyń territorial bitewiliginiń çäginde çözülmeli” diýdi.
Eýranyń Prezidenti Ruhani hem meseläniń parahatçylykly ýagdaýda çözülmelidigini we bu meselä goşant goşmaga taýardyklaryny aýtdy.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar