Gyrgyz Respublikasy Gümrük bileleşiginden 5 ýyl möhlet sorady

Gyrgyz Respbulikasy ykdysady meseleler sebäpli 5 ýyl möhlet berilmegini isledi

148803
Gyrgyz Respublikasy Gümrük bileleşiginden 5 ýyl möhlet sorady

Gyrgyz Respublikasy Ýewraziýa Gümrük bileleşiginden 5 ýyl möhlet sorady.
2015-nji ýylda Russiýa, Belarussiýa we Gazagystandan tarapyndan döredilen Gümrük bileleşigine agza boljak Gyrgyz Respbulikasy ykdysady meseleler sebäpli 5 ýyl möhlet berilmegini isledi.
Emma käbir gyrgyzlar ýurtlarynyň Ýewraziýa Gümrük bileleşigine agza bolmagyna garşy çykýar.
Gyrgyzlaryň bir bölegi esasan hem ýurtlarynyň garaşsyzlygy meselesinde egilşik ediljekdigi, girdeji çeşmeleriniň esasy böleginiň Russiýa tabyn boljakdygy we harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlajakdygy sebäpli ýurtlarynyň Ýewraziýa Gümrük bileleşigine agza bolmagyna garşy çykýar.
Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi bolsa Gümrük bileleşigine agza bolunman halatynda sosial, maliýe we ykdysady taýdan käbir kynçylyklaryň ýüze çykyp biljekdigine ünsi çekýär.
Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Gyrgyz Respublikasy Gümrük bileleşigine agza bolman halatynda Russiýadan satyn alynýan ýangyç üçin salgyt tölemeli bolar. Ykdysady kynçylyklar sebäpli köp sanly firma ýapylyp bilner” diýildi.
Gyrgyz Respublikasy Ýewraziýa Gümrük bileleşigine agza bolmak üçin 2011-nji ýylyň 11-nji aprelinde ýüz tutupdy.
Gazagystanyň paýtagty Astanada üstümizdäki ýylyň 29-njy maýynda Ýewraziýa Gümrük bileleşiginiň liderler maslahaty geçirlipdi we Gyrgyzystanyň agzalygy üçin ýol meýilnamasy kesgitlenipdi.
26-nji iýulda bolsa agzalyk gepleşikleri başlady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar