Ruhani Gazagystanda saparda bolýar

Ruhani kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy

119775
Ruhani Gazagystanda saparda bolýar

Eýranyň Prezidenti Ruhani Gazagystanda saparda bolýar.


İki günlük resmi sapar bilen Gazagystana giden Ruhani kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.


Gazagystanyň Döwlet baştutany Nazarbaýew duşuşykdan soň metbugata beren beýanatynda Demirgazyk-Günorta demirýol liniýasynyň Eýranyň Gürgen sebitine çenli barjak bölüminiň gurluşygynyň noýabr aýynyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyny aýtdy.


Gazagystan bilen Eýranyň Hazar deňzinde birlikde terminal gurmagy meselesi barasynda pikir alyşandykalryny aýdan Nazarbaýew, Demirgazyk-Günorta demir ýol liniýasynyň doly hyzmada açylmagy bilen birlikde Gazagystanyň Eýrana ýylda 500 müň tonna bolan bugdaý eksportynyň 2,5 million tonna çykaryljakdygyny ýatlatdy.


Eýranyň Prezidenti Ruhani hem iki ýurduň arasynda çig nebitiň ýerine nebit-gaz önümleriniň çalşylmagyna ýaňadandan başlamagy meýilleşdirýändiklerini ýatlatdy.


Ruhani Demirgazyk-Günorta demir ýol liniýasynyň açylmagy bilen nebit-gaz senagaty, oba hojalyk we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk edilmegini öz içine alýan taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini we iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň ýokarlajakdygyny nygtady.


Eýran Gazagystana nebit-himiýa önümlerini eksport edýär, Gazagystan hem Eýrana bugdaý we metal önümlerini satýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar