Kipr gepleşik etaby dowam eedýär

Kipr meselesiniň çözülmegi üçin başladylan gepleşik etaby dowam edýär

81380
Kipr  gepleşik etaby dowam eedýär

DKTR-nyň Prezidenti Derwiş Erogly Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen araçäk sebitde duşuşdy.
Duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Llisa Butenýaýym hem gatnaşdy.
3 sagada golaw dowam eden duşuşykda syýasy deň hukuklylyk, federal dolanşygyň ygtyýary, saýlaw ulgamy we ynamy güýçlendiriji çäreler meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ýokarda ady agzalýan meseleler hakyndaky garaýyşlaryny hödürlediler.
Duşuşykdan soň beýanat beren Prezident Erogly grek tarapy bilen garaýyş tapawutlylygynyň dowam edýändigini aýtdy.
Erogly türk tarapynyň oňyn tutumyny dowam etdirýändigini nygtap “Kiprde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin türk tarapy hökmünde öz üstümize düşýän jogapkärçiligimizi ýerine ýetirmäge we elbetde hak-hukuklaryny goramaga dowam ederis” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar