Krym tatarlary hatyralandy

Sowet hökümeti tarapyndan sürgün edilen Krym tatarlary hatyralandy

Krym tatarlary hatyralandy

1944-nji ýylyň 18-nji maýynda Sowet hökümeti tarapyndan sürgün edilen Krym tatarlary Akmesjitde hatyralandy.

Krymyň Russiýa goldaw berýän Premýer ministri Sergeý Aksýonow 6-njy iýuna çenli köpçülikleýin ýagdaýda geçiriljek ähli hereketleriň gadagan edilendigini habar berdi.

Hatyralama çäresi sürgün ýadigärligine gül desseleriniň goýulmagy bilen başlady.

Krym Parlamentinden hem käbir syýasatçylaryň gatnaşmagynda geçirlen çärelere Krymyň Premýer ministri Sergeý Aksýonow gatnaşmady.

Premýer ministr Sergeý Aksýonow Ukrainanyň günorta gündogarynda başdan geçirlen wakalar sebäpli Krymda 6-njy iýuna çenli köpçülikleýin ýagdaýda geçiriljek ähli hereketleriň gadagan edilendigini aýan etdi.

Karara ilkinjleriň hatarynda Krym Tatar Milli Mejlisiniň başlygy Refat Çubarow garşylyk görkezdi.

Çubarow “Krym tatarlarynyň 18-nji maý ýaly gamly günlerinde bir ýere jemlenişmeklerini islemeýärler. Ýönekeý sebäpleri bahana görkezýärler, çünki bu ýerde şeýle prowakasiýalaryň boljakdygyna ynanmaýarys. Çünki 23 ýylyň dowamynda biz hiç hili prowokasiýalara sebäp bolmadyk” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar