Olland Azerbaýjana bardy

Fransiýanyň Prezidenti Kawkaz ýurtlaryna sapar guraýar

66363
Olland Azerbaýjana bardy

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland Kawkaz ýurtlaryna sapar guraýar.

Ollandyň saparynyň ilkinji duralgasy Azerbaýjan boldy.

Fransiýanyň Prezidenti Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda resmi dabara bilen garşylandy.

Prezident İlham Aliýew bilen Olland özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Gün tertibinde Garabag meselesi esasy orun eýeledi.

Fransiýanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň egindeş baştutanlaryndan biriniň Fransiýalydygyny emma meseläniň 20 ýyldan bäri çözülip bilinmeýändigini ýatlatdy.

Olland “Parahatçylygyň ýola goýlup bilinmezliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň agzasy Fransiýanyň hem uly jogapkärçiligi bar. Ýerewanda hem saparda bolaryn we Fransiýa meseläniň çözülmegi üçin tagalla eder” diýdi.

Fransiýada nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan uly firmalaryň bardygyny aýdan Fransua Olland Azerbaýjan bilen birlikde işleşmek isleýändiklerini aýtdy.

Fransiýanyň Prezidenti saparynyň çäginde Azerbaýjan-Fransiýa işewür adamlary maslahatyna hem gatnaşdy.

Maslahatyň çäginde 11 şertnama gol çekişildi.

Fransua Olland Bakuwda fransuz mekdebiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.

Olland Azerbaýjandan soň Ermenistanda we Gürjistanda saparda bolar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar