Krymoglynyň Kryma gitmegine rugsat berilmedi

Krymogluna Russiýa girmeginiň gadagandygyny aýtdylar

Krymoglynyň Kryma gitmegine rugsat berilmedi

Krym Tatarlarynyň lideri Mustafa Abdüljemil Krymoglynyň Kryma gitmegine rugsat berilmedi.

Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlen konferensiýa gatnaşan Krymogly Moskwanyň üsti bilen uçar bilen Kryma geçmek isleýärdi.

Emma Moskwanyň howa menzilindäki ýolbaşçylar Krymogluna Russiýa girmeginiň gadagandygyny aýtdylar.

Gadagançylyk sebäpli Abduljemil Krymogly bilen Krym Tatar Milli Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Aslan Ömer Krymlynyň Kiewe gitmek üçin bilet alandygy nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar