Galatasaraý Astana sport kluby bilen hyzmatdaşlyk eder

Galatasaraý sport kluby Gazagystanyň Astana sport kluby bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

61978
Galatasaraý Astana sport kluby bilen hyzmatdaşlyk eder

Galatasaraý sport kluby Gazagystanyň Astana sport kluby bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Galatasaraý sport klubynyň internet saýtynda berlen beýanata görä geçen ýyl döredilen Astana sport klubynyň halkara derejesinde esasy orun eýelemegi üçin Galatasaraý sport klubynyň tejribelerinden peýdalanmak maksady bilen iş toparynyň döredilmegini teklip edendigi nygtaldy.

Şol çäkde Gazagystanyň paýtagty Astanada Galatasaraý sport klubynyň dolanşyk geňeşiniň agzasy Sedat Dogan bilen Astana sport klubynyň başlygy Darkhan Kaletaýewiň gatnaşmagynda geçirlen dabarada iki klubyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygy ýatladyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar