Türkmen atlarynyň şöhraty

“Türkmenatlary” döwlet birleşigi tohum ahalteke atlarynyň baş sanyny pasportlaşdyrmak we çipleşdirmek işlerini dowam etdirýär

Türkmen atlarynyň şöhraty

“Türkmenatlary” döwlet birleşigi tohum ahalteke atlarynyň baş sanyny pasportlaşdyrmak we çipleşdirmek işlerini dowam etdirýär. Pasportlaryň müňden gowragy atlaryň ahalteke tohumly görnüşleriniň eýelerine berildi. Döwlet birleşiginiň topary alynan taýçanagy gözden geçirýärler we oňa baha berýärler, eger-de taýçanak arassa ganly bolsa, onda ony tohumçylyk hasabatyna goýýarlar.

Diňe şu ýylyň bahar paslynda türkmen atbakarlarynyňdyr çapyksuwarlarynyň hem-de seýisleriniň Beýik Britaniýa (8-njimartdan 8-nji aprel aralygy) we Bahreýn Patişalygyna (12-nji martdan 12-nji aprel aralygy) tejribe alyşmak we hünär kämilleşigini geçmek üçin iş saparlary boldy. Geçen ýylda ýurduň hünärmenleriniň şular ýaly saparlarynyň birnäçesi guraldy.

2012-njji ýylda “Türkmenatlary” Döwlet birleşigi bilen Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak gullugynyň (TIKA) arasynda ylalaşyga gol çekildi. Bu tagallalar weterinariýa, genetika we tohumçylyk işleri ugurlary boýunça ösdüriler.


Geçen ýylda “Türkmenatlary” Döwlet birleşigi Ýaponiýanyň atçylyk assosasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy. Bu ylalaşygyň çäklerinde 2014-nji ýylda birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Türkmen bedewiniň baýramyna ýapon atşynaslarynyň Aşgabada gelmegine garaşylýar. Hytaý atçylyk assosasiýasy bilen hem şunuň ýaly ylalaşyk baglaşylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň üçin şu ýylyň maý aýynda Halkara ahalateke atçylyk assosasiýasynyň nobatdan daşary mejlisini Pekinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň atçylyk gurluşy ösdürilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň ähli weleýatynda atçylyk-sport toplumlary guruldy. Bütin Türkmenistanda arassa ganly ahalteke atlarynyň üç müňden gowragy türgenleşdirilýär hem-de saklanylýar. Döwlet birleşiginiň düzümlerinde arassa ganly atlaryň we baýtallaryň bir ýarym müňüsi saklanylýar. Olaryň beýlekileri bolsa iri hususy atçylyk hojalyklarynda saklanylýar.

Atçylyk-sport toplumlarynda sport bäsleşiklerini geçirmek üçin abadanlaşdyryş we şertleri gowlandyrmak işleri dowam edýär. Çapuw ýodalarynyň durkuny täzelemek işleri dowam etdirilýär. Olar häzirki zaman sintetiki topraklar bilen örtmegiň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda iri toplumlaryň ikisinde, şeýle hem Halkara atçylyk-sport toplumynyň çäklerinde bu çäreler tamamlandy. Bu ýerde däp boýunça Türkmen bedewiniň baýramy mynasibetli bedewleriň halkara bäsleşigi geçiriler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar